TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni

7-nji aprelde  Bütindünýä saglyk güni bellenýär. Bu gün Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizildi. Ol bar bolan döwründe dünýäniň 190 ýurdy, şol sanda biziň ýurdumyzy hem agza boldy. Bu ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan gol çekilen Tertipnama ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglygy bolan hukugyny yglan etdi. Hökümetleriň öz halkynyň saglygy üçin jogapkärçilik ýörelgesini tassyklady we ylmyň, halkara howpsuzlygyň güýçlendirmegi bilen saglygyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdiler. Saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk dünýädäki adamlar saglygyň durmuşynda nämäni aňladýandygyny düşünip, saglyklaryny gowulaşdyrmak üçin näme etmelidigini çözüp biler ýaly derejede geçirilýär. Bütindünýä saglyk güni  planetanyň ilatynyň saglygy bilen baglanyşykly iň möhüm meselelere bagyşlanýar we dürli şygarlar astynda geçirilýär.  Mysal üçin, 1998-nji ýyl “Göwrelilik – durmuşda aýratyn waka, biz ony howpsyz ederis” diýip atlandyryldy. Birleşen Milletler Guramasy 1999-njy ýyly Halkara garrylar ýyly diýip yglan etdi. Şonuň üçin bu ýyl ”Iş uzak ömrüň ýoludyr” diýen şygaryň astynda geçirildi… Umuman her ýylyň özüniň şygary astynda Bütindünýä saglyk güni bellenilip gelinýär. Ýene bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri 2008-nji ýyl “Saglygy howanyň üýtgemeginden goramak” diýlip atlandyryldy. Bu ýöne  ýere beýle şygar bilen atlandyrylmady. Şygar, howanyň gyzmagy jemgyýetiň saglygynyň howpsuzlygyna  howp salýandygy sebäpli saýlanyldy. Hemmämiziň bilşimizi ýaly howanyň gyzmagy dürli keselleriň döremegine alyp barýar…

Men hem sizi Bütindünýä saglyk güni bilen gutlaýaryn. Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, mähriban ildeşler. Unutmaň, her adamyň jan saglygy öz elindedir. Eger-de makala göwnüňize ýaran bolsa onda dostlaryňyz bilen paýlaşyň! Indiki ekologik baýramçylyklar barada taýýarlajak makalalarymy hem www.atavatan-turkmenistan.com elektron web saýtynda okap bilersiňiz. Teklipleriňizi we islendik gyzyklanýan ekologiýa, geografiýa degişli temalaryňyzy hem saýtyň elektron poçtasyna ugradyp bilersiňiz. Biz hem şol temalara degişli makalalary taýýarlarys.

Diýar Yhtyýarow,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy

öwreniş hünäriniň III ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle