TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

6G üçin emeli hemra

Hytaý Ýer orbitasyna ýörite hemra ugradyp, 6G aragatnaşyk sistemasyny synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Bu hemra Taýuan kosmodromdan uçuryldy, şonuň bilen orbita ýene-de 12 sany hemra uçuryldy diýip, “BBC” habar gullugy habar berýär. Synag tehnologiýasy terahert ýygylygynda synagdan geçiriler.

Mundan başga-da, emeli hemrada ekinlere we tokaý ýangynlaryna gözegçilik etmek üçin ýörite tehnologiýa ýerleşdirildi. Sentýabr aýynda Skolkowo adyndaky Ylym we tehnologiýa Institutynyň alymlary tehnologiýany işläp düzdüler we Russiýada 6G ulgamy üçin komponentleri ösdürmäge mümkinçilik berýän enjam döretdiler.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle