TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

66 million ýaşly galyndy

Angliýadaky şahsy kolleksiýalaryň birinde ak akulanyň ululygyndaky balygyň galydyndysy tapyldy. Göwrüminiň ululygy sebäpli, eýesi ony uçýan ýyrtyjy süýrenjileriň biriniň kellesidir öýdüpdir.

Şeýlelikde, ol bu tapyndyny Portsmut uniwersitetiniň poleontolog alymy Dewid Martile görkezdi. Alym bolsa bu galyndynyň haýsydyr bir süýrenjä däl-de, balyga degişlidigi baradaky çaklamany öňe sürdi. «Onuň gurluşy gadymy balyklara degişli. Muny balygyň bagryny goraýan süňk kapasasyndan çakladyk» diýip, alym muny delillendirýär.

Onuň aýtmagyna görä, koelakant diýlip atlandyrylýan bu balyk juda uly bolan bolmaly. Onuň uzynlygy 5 metre golaýlapdyr. Taryhy maglumatlara görä, balygyň bu görnüşi çuň suwlarda ýaşapdyr. Ol gadymy balyklaryň latimeriýa urugynyň bir wekilidir. Balyklaryň bu görnüşiniň mundan 400 million ýyl ozal (ilkinji dinozawrlaryň döremeginden 200 million ýyl ozal) dörän bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Şeýle hem alymlar bu balygyň mezozoý eýýamynyň ahyrynda ýok bolup gidendigini çaklaýarlar. Mundan ozal koelakantyň galyndysy 1938-nji ýylda Günorta Afrikanyň kenarlaryndan tapyldy.

Şahsy kolleksiýadan tapylan balygyň bolsa mundan 66 million ýyl ozal ýaşap geçendigi baradaky pikir öňe sürülýär.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny уланып билерлер. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Baş Redaktor

Teswirle