TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

6,6 milliard dollarlyk şertnama

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 5G ulgamynyň infrastrukturasyny kämilleşdirmek babatda Amerikanyň “Verizon Communications” kompaniýasy bilen 6,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy.  Soňky döwürlerde käbir ýurtlarda çäkli möçberde ulanyjylara hödürlenen 5G tehnologiýasy boýunça işler dowam edýär.

Şol bir wagtyň özünde, köp tehnologiýa kompaniýalary özleriniň 5G bilen işleýän önümlerini satuwa çykaryp, bu bazarda ynamly orun eýelemek isleýärler.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi “Samsung” hem öz nobatynda ABŞ-nyň telekommunikasiýa kompaniýasy bilen 6,6 milliard dollarlyk 5G ulgam infrastrukturasyny ösdürmek şertnamasyna gol çekişdi.  Kompaniýanyň beýanatyna görä, göz öňünde tutulan şertnamanyň güýje girendigi we 2025-nji ýylyň dekabryna çenli hereket etjekdi mälim edildi.

Bu şertnama bilen “Samsung” kompaniýasy kabelsiz tor üpjünçiligi senagatyndaky bazar paýyny has-da artdyrar.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle