TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

6 aýda 68 milliard dollar girdeji gazandy

2020-nji ýylyň 6 aýynda Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 68 milliard dollar girdeji gazandy. Kompaniýanyň girdejisi 13,1 göterim artdy. “Huawei”-iň arassa girdejisi 9,2 göterime deň boldy.

“Huawei”-iň GSM operatorlaryna hyzmatlar berýän “Huawei Carrier Business Unit”, edaralara we kompaniýalara önüm we hyzmatlar hödürleýän “Huawei Enterprise Business Unit” we “Huawei Consumer Electronics Group” bölümleri degişlilikde 22,5 milliard dollar, 5,13 milliard dollar we 31,9 milliard dollar girdeji gazandy.

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy smartfon önümçiliginde dünýäde öňdeligi eýeleýär. Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda smartfon önümçiliginde Günorta Koreýanyň “Samsung” hem-de ABŞ-nyň “Apple” kompaniýalaryndan öňe saýlanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

“Forbes”: Ilon Mask birinjiligini ýitirdi

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Teswirle