TEHNOLOGIÝA

5G tizliginde rekord

Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy ykjam aragatnaşygyň täze nesli bolan 5G ulgamynda täze tizlik rekordyna eýe boldy. Bu kompaniýa ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Dallas şäherinde geçiren synagy bilen 5G arkaly kabelsiz maglumat geçirijiliginde 4,7 Gbit/s tizlige ýetdi.

Finlýandiýanyň bu iri kompaniýasy, 28 GGs we 39 GGs diapazonda 800 MGts täjirçilik millimetr tolkun spektrini (mmW) goşa birikme arkaly 40 MGts LTE zolakly birikdirip, bu tizlige ýetmegi başardy.

Iki baglanyşyk, operatorlara 5G we 4G torlaryndan bir wagtda maglumatlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Ýewropada işe girizilen 5G torlarynyň hemmesi diýen ýaly 3,4 GGs ýaly orta ýygylyklar bilen işleýän bolsa, käbir ABŞ aragatnaşyk kärhanalary “mmWave” spektrini ulanyp 5G giň zolakly hyzmatlary hödürleýär. “MmWave-iň” çäkli diapazony bar bolsa-da, kiçijik radiusy bilen ýokary derejeli öndürijilik hödürleýär.

“Nokia Mobile Networks” -yň prezidenti Tommi Whitto: “Bu, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 5G hyzmatlarynyň ösüşinde möhüm tapgyrdyr, esasanam birikme we geçirijilik gerimi örän uly ähmiýete eýedir” diýip belledi.

«Nokia» kompaniýasy bu üstünligi bilen “Cisco”, “Ericsson” we “Huawei” ýaly kompaniýalar bilen 5G ulgamynda bäsdeşlik edip biler.

Ýene-de okaň

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar

“iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasy

Ata Watan Eserleri

Emeli intellekt boýunça ministrligi bolan ýeke-täk ýurt