TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

57 ölçegli köwüş bilen rekord goýdy

Berlinli Lars Motsa ýetginjekleriň arasynda iň uly aýagy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 16 ýaşly ýigdekçe 57 ölçegli köwüş geýýär diýip, dünýä metbugatynda ýazylýar.

Larsyň çep aýagynyň uzynlygy 35,05, sag aýagynyň uzynlygy bolsa 34,98 santimetre deň. Meseläniň erbet ýeri, Germaniýadaky dükanlarda bu ölçegdäki köwüşler tapdyrmaýar. Şonuň üçin onuň aýakgaplary ýörite buýurma bilen taýýarlanylýar.

Larsyň ejesi Ankeniň aýtmagyna görä, bir jübüt köwüş onuň ogluna 1,2 müň ýewro düşýär. Mundan daşary ýetginjek ussaçylykda okaýar. Diýmek, oňa iş we okuw ýeri üçin hem aýakgap gerek. 57 ölçegli ýörite aýakgaby taýýarlamak üçin bolsa 1,8 müň ýewro talap edilýär. Elbetde, onuň ýörite aýakgabynyň bahasy okaýan ýeri tarapyndan tölenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle