TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

500 ýewronyň çap edilişi togtadyldy

Ýewropa Bileleşigine girýän döwletleriň banklary 26-njy aprelden başlap, 500 ýewro möçberindäki banknoty çap etmegiň togtadylandygyny habar berdiler. Aslynda, Ýewrpanyň iri 19 bankynyň 17-si bu işi baryp 27-nji ýanwarda bes edipdi. Germaniýa we Awstriýa üçin bolsa 3 aý wagt berildi.

Şeýlelikde, bu iki döwletiň iri banklarynda hem 500 ýewro mundan beýläk ýaýradylmaz. Ýöne ulanyşdaky pul öz güýjünde galar. Bileleşige agza döwletleriň ählisinde bitin 500 ýewro bilen söwda etmek we ony ownuk pula çalyşmak doly mümkindir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Teswirle