TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

5-nji oktýabr Bütindünýä mugallymlar güni

Her ýylyň 5-nji oktýabry Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1994-nji ýylda döredildi. Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bellenilip geçilýär. ÝUNESKO 1994-nji ýyldan bäri 5-nji oktýabrda Bütindünýä mugallymlar gününi belläp gelýär. Bütindünýä mugallymlar güni bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlap geçmek maksady bilen döredildi. Şeýle şanly sene mynasybetli mugallymlary begendirmek, mundan beýläkde höwesli zähmet çekmekleri üçin okuwçylar, ene-atalar tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Bütindünýä mugallymlar gününde aýdym-sazly konsertler geçirilip, süýjiden-süýji gutlaglar aýdylýar.

Ýöne bu sene käbir ýurtlara görä, dürli senelerde bellenilip geçilýär. Geliň olaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň.

Hindistan: 5-nji sentýabr

Pakistan: 5 oktýabr

Hytaý: 10-njy sentýabr

Braziliýa: 15-nji oktýabr

Täze Zelandiýa: 29-njy oktýabr

Malaziýa: 16-njy maý

Şri-Lanka: 6-njy oktýabr

Germaniýa: 5-nji oktýabr

Türkiýe: 24-nji noýabr

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle