TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

5. Aziýa Oýunlary Koreýada mahabatlandyryldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5 Aziýa Oýunlaryny mahabatlandyrmak boýunça işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan meýilnama görä Sport metbugatynyň halkara Assosasiýasy tarapyndan geçirilýän kongresleriň çäklerinde hem mahabatlandyrmak işlerini ýerine ýetirmeklik meýilleşdirlendir. Koreýa Respublikasynyň Seul we Piýoňçoň şäherlerinde Sport Metbugatynyň halkara Assosasiýasynyň 80-nji kongresi geçirildi. Nobatdaky gezek geçirilýän kongrese Türkmenistanyň wekilýeti bilen bilelikde 100 döwletden 200-den gowrak halkara jurnalistleri we myhmanlar gatnaşdy.

Nobatdaky  gezek geçirilýän kongres öz işine başlap, Sport metbugatynyň halkara assoasiýasynyň 2016-njy ýylda geçirlen işleri babatynda yklymlar boýunça hasabat çykyşlary gunaldy. Şeýle-de 2017-nji ýylda edilmeli işlere seredilip, bu babatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji aziýa oýunlaryna bagyşlanan çäreleri guramaga ýokary ähmiýet berdiler.

Güniň ikinji ýarymynda Türkmenistnyň wekilýeti tarapyndan tanyşdyryş çäresi gurnaldy. Ilki bilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak babatda alnyp barylýan işler we Olimpiýa şäherjiginiň mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp neşir edilen ýörite goýberilişi, Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmakda nusgalyk orna eýe boldy.

Soňra bolsa Türkmenistanyň esasy aýartynlyklary, medeni ýadygärlikleri, hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny daşary ýurt teleýýalymlarynda göni ýaýlymda gurnamagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berildi.

Bu abraýly halkara Kongresine gatnaşyjylar Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Soňra maslahata gatnaşyjylara wideorolikler görkezildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň bu babatda alyp barýan işlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny sport äleminde has-da belentlere galmaga döredýän mümkinçilikleri bolsa ýeňişleriň we medallaryň has-da köp gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna giň gerim berilmegi bolsa, dünýä metbugatynda Türkmenistany giňden ýaýylýandygyna şaýatlyk edýär.

Çeşme  : Atawatan Türkmenistan Habarlar Agentligi (ATHA)

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri