TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

4543 adam ýubileý medaly bilen sylaglanýar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlary, olaryň ýanýoldaşlaryny, şeýle-de tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medal bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň raýatlarynyň 4543-si  «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

Häzirki günde ýurdumyzyň çär künjeginde uruş we tyl weteranlaryny sylaglamak dabaralary giň gerimde alnyp barylýar.

Öz gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän mukaddes ýörelgesidir. Ýowuz uruş ýyllarynda türkmen topragynyň edermen gerçekleriniň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, hakyky edermenligiň, mertligiň ajaýyp göreldesini görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlaryna, şeýle hem mukaddes ojaklaryna wepaly enelerimize aýratyn hormat-sarpa goýulýar, olar döwletimiz tarapyndan hemişe üns-alada bilen gurşalýar.

Sylaglara mynasyp bolanlaryň sanawy aýratyn kitap görnüşinde “Türkmenistan” gazetiniň ýörite goşundysy hökmünde  neşir edildi.

 

Suratlar: “Milli goşun” žurnalyndan…

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle