JEMGYÝET

450 töweregi raýat döwlet sylaglaryna mynasyp boldular

Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanlary bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlary döwlet sylaglary – medaldyr ordenler bilen sylaglanyp, hormatly atlar dakyldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Bu sylaglar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan raýatlara gowşuryldy.

“Gaýrat” medalyna Mejlisiň bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Baýmyrat Babaýew mynasyp boldy. “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” atly medala ýurdumyzyň 31 raýaty mynasyp boldy. Olaryň içinde ylmy işgärler, bilim we ulag pudagynyň işgärleri bar.

“Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal 380 töweregi adama gowşuyldy. Olaryň içinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, mekdepleriň direktorlary, önümçilik kärhanalarynyň öňdebaryjylary, medeniýet we sungat işgärleri, aýratyn sepgitlere ýeten telekeçiler bar.

“Türkmenistanyň halk artisti” diýen ada 6 raýat, “Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri” diýen ada 5 raýat, “Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy” diýen ada Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Ruhabatgurluşyk” trestiniň dolandyryjysy Atamurat Ýollyýew, “Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri” diýen ada Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Çarymyrat Janmyradow we Mary stansiýasynyň wokzal boýunça nobatçysy Rejepnazar Hudaýnazarow mynasyp boldular. Şeýle hem at gazanan žurnalist, uçarman, jemgyýetçilik işgäri, artist, medeniýet, aragatnaşyk işgäri atlary we beýleki hormatly atlar dakyldy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri