TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

40 ýaşdan soñra telekeçilik ýoluna başlap, uly üstünlik gazanan adamlar

Biz sizi 40 ýaşdan soñra millioner we milliarder bolýan adamlar bilen tanyşdyrmak isleýäris. Bu diýmek hiç haçan söýýän käriñ bilen meşgullanmak giç däldir.

1. Reý Kork (1902-1984).

Geljek milliarderiñ kakasy ir aradan çykýar. Reýn özüniñ beýle meşhur boljagyny bilmeýärdi. 1952-nji ýylda çalt hyzmat edýän restoranyñ eýesi bilen dostlaşýar we Reý bu ýol gitmeli diýip ýüregine düwýär. 1955-nji ýylda öziniñ hususy “McDonald’s” atly restoranyny açýar we soñra özüniñ telekeçilik ýoluny dowam edýär.

2. Genri Ford (1863-1947).

Genriñ açan ilkinji awtomobil gurluşyk kompaniýasy iñ arzan awtoulaglary öndürýärdi. Ford 1879-njy ýylda bir awtoulagyñ taslamasyny hödürleýär, emma ol awtoulag hiç hili öndürilmeýär. Onuñ telekeçilik ýoly örän kynçylyklar bilen başlaýar. 1903-nji ýylda Forda garşy kazyýet işi hem gozgalýar, bu kazyýet işi 8 ýyl dowam edýär we soñunda Ford ýeñiş gazanýar. 1908-nji ýylda çykan “Ford T” kysymly awtoulag “Ford” kompaniýasyna uly ýeñiş, şowlulyk getirýär.

3. Maýkl Blumberg (1942ý.)

24 ýaşynda Blumberg “Solomon Brothers” kompaniýasyna işe girýär we ol ýerde 15 ýyl zähmet çekýär. Soñra bu kompaniýanyñ başlygy üýtgemegi bilen Blumberg işden çykmaly bolýar. Blumberg göreşden doýmaýar, 1981-nji ýylda maliýe bazarlarynyñ ýagdaýyny anyklaýan “Bloomberg” atly özüniñ hususy maglumat gullugyny döredýär. Kompaniýanyñ esasy maksady şol döwürlerde kompýuter tehnologiýalaryna üns bermegindedir.

4. Sem Walton (1918-1982).

1942-nji ýylda Sem poçtalýon, menejer wezipelerinde işläpdir. Soñra bolsa harby gulluga gidýär we ondan soñra nädip ýaşamaly diýip, pikire batýar. Sem bir sany dükany kärendesine alýar, ol ýerde önümleri satmaga başlaýar. Şeýle hem dynç günsüz işlemäge borçly bolýar. 1962-nji ýylda ýagny, 44 ýaşynda Walton özüniñ hususy dükany açýar. 1979-njy ýylda Waltonyñ açan dükanlarynyñ sany 220 ýetýär, häzirki günlerde Sem “Wal-Mart” kompaniýanyñ eýesi diýip tanalýar.

5. Rid Hoffman (1967-…)

Rid internet ulgamy bilen gyzyklanýan eken, özüniñ 30 ýaşynda nätanyş adamlar bilen tanyşmak “SicialNet.com” atly saýtyny döredýär. Ýöne bu saýtdan hiç hili girdeji gelmeýär we 1999-njy ýylda ony togtadýar. 2002-nji ýyla çenli “PayPal” saýtynda işleýär. 2002-nji ýylda Rid özüniñ jemgyýetçilik tory atly pikirini amala aşyrýar. Ýagny “Facebook” jemgyýetçilik torynyñ ilkinji ösüş tapgyrlarynda maýa goýan hökmünde goşant goşýar. Häzirki günlerde “Linkedin” iş jemgyýetçilik torynyñ ýolbaşçysydyr.

6. Jorj Soros (1930ý dogulýar).

Jorj maýa goýum ýoluna 26 ýaşynda başlaýar we şol ýaşynda özüniñ gyzykly oý-pikirini halkara arbitražyna hödürleýär. 39 ýaşynda Soros gaznasy ýolbaşçysy hökmünde bellenilýär. 1973-nji ýylda bolsa özüniñ hususy “Quantum Fund” atly gaznasyny döredýär. Häzirki wagtda Jorj Soros dünýädäki iñ baý adamlaryñ hatarynda durýar.

7. Polkownik “Garland Sanders” (1890-1980).

40 ýaşyna çenli Sanders dürli wezipelerde: demir ýollarynda, fermer, şahta işçisi bolup işleýär. 40 ýaşyndan soñra Sanders towuk etinden nahar bişirmegi başlaýar. Onuñ bişiren nahary saçdan çalt bişýär we özüniñ üýtgeşik tagamy bilen tanalýar. Soñra bolsa, bu nahar Sanders üçin maliýe dünýäsine uly ýol açýar. Has hem öziniñ ak kostýumy, murty we sakaly bilen tanalyp başlanýar. Sanders özüniñ towuk etinden ýasalýan “KFC” kompaniýasyny açýar we onuñ nyşany ak kostýumy, murty we sakaly bilen dünýä ýüzünde tanalyp, meşhur kompaniýalaryñ birine öwrülýär.

8. Momofuki Ando (1910-2007).

2000-nji ýylda Ýaponiýada oýlap tapylan zatlaryñ ýaryşy geçirildi. Onda çalt taýynlanýan “Lapşa” atly un aşy garaşylmadyk ýagdaýda birinji oruny eýeledi. Ando bolsa 48 ýaşynda onuñ öndürilýän tehnologiýasyny oýlap tapdy.

9. Meri Ketrin Wagner (1918-2001).

1939-nji ýylda Meri söwda satuwy ulgamynda menejer wezipesinde işleýär. 45 ýaşynda bu agyr işden ýadap, özüniñ hususy biznesini döretmäge başlaýar. Ol adamyñ derisiniñ arassalaýyş serişdesiniň düzümini satyn alýar. Onuñ biznes filosofiýasy diñe müşderä bagly bolup durýar. Meri öz biznesinde bir gezek ulanyp boljak kosmetiki we marketing serişdelerini satyp başlaýar. Şeýle biznes Meri üçin uly korporasiýanyñ döremegine getirýär. Meri häzirki wagtda “Mary Kay” kompaniýanyñ eýesi we ol 200 sany kosmetiki serişdelerini özünde jemleýär. Kompaniýanyñ ştab-kwartirasynda 1200 sany adam işleýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle