TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

4 ýurt dünýä çempionatyny bilelikde gurnamak isleýär

2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny guramak üçin 4 ýurduň wekilleri bilelikde ýüz tutdular. Bu çempionaty agzalan döwürde Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili bilelikde gurnamagy meýilleşdirýär.

Dünýä çempionatyny kabul etmek üçin ýüz tutmany resmileşdirmek dabarasy Urugwaýyň paýtagty Montewideodaky “Sentenario” stadionynda geçirildi. Baryp, 1930-njy ýylda bu stadionda dünýä çempionaty geçirilipdi.

Günorta Amerika futbol konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Alehandro Dominges bu stadionyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ilkinji dxnvq cempionaty bu verde gecirilipdi.

Şeýle hem 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny kabul etmek üçin Rumyniýa, Gresiýa, Bolgariýa we Serbiýa, şeýle hem Portugaliýa we Ispaniýa ýüz tutdylar.

Dünýä çempionaty 4 ýylda bir gezek geçirilýän futbol ýaryşydyr. Erkek milli ýygyndylaryň arasynda geçirilýän bu ýaryş Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan gurnalýar. Dünýä çempionaty 1930-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

2022-nji ýylda dünýä çempionaty ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda, ýagny Katarda geçiriler. 2026-njy ýylda bolsa, ilkinji gezek dünýä çempionaty 3 ýurtda – Kanada, Meksika we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle