TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

4-nji oktýabr Bütindünýä haýwanlar güni

Bütindünýä haýwanlar güni nemes kinology Genrih Zimmerman tarapyndan döredildi. Ilkinji Bütindünýä haýwanlar güni 1925-nji ýylyň 24-nji martynda Germaniýanyň Berlin şäherinde bellenilip geçildi. Ilkinji şanly senä 5 müňe golaý adam gatnaşdy. Soňra wagtyň geçmegi bilen bu sene 4-nji oktýabryna süýşürilip indi birnäçe ýyl bäri bellenilip gelinýär. 1931-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň Florensiýa şäherinde geçirilen Halkara haýwanlary goramak kongresiniň gurultaýynda 4-nji oktýabrda Bütindünýä haýwanlar gününi belläp geçmek baradaky teklibi biragyzdan kabul edildi we karar hökmünde kabul edildi.

Bu şanly sene haýwanlary goramak, ýitip barýanlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen döredildi. Bütindünýä haýwanlar güni mynasybetli dünýäniň dürli künjeklerinde birnäçe çäreler, wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Guşlaryň, ýyrtyjy we öýdeçi haýwanlary, iri şahly mallaryň sanyny köpeltmek ugrynda birnäçe halkara gurama oňyn işleri alyp barýar. Olaryň goraglylygyny artdyrmak, iýmit bilen üpjün etmek ýaly birnäçe işler meýletinçiler tarapyndan hem ýerine ýetirilýär.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Teswirle