3D köpri rekord goýdy

Hytaýyň Hebeý politehnika uniwersiteti tarapyndan dünýäde iň uzyn 3D ölçegli köpri döredilip, rekord täzelendi.

Bu gurluşyk taslamasynyň uzynlygy 28,1 metre ýetýär. Şeýlelikde, ol 21-nji iýul güni Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan bellige alyndy.

Köpriniň taslamasyny uniwersitetiň professory Ma Goweýemiň ýolbaşçylygyndaky topar işläp taýýarlady. Köpri Hebeý hem-de Çžaosýan welaýatlary birleşdirýän Sýaohe derýasynyň üstünde guruldy.