DÜNÝÄ

31-nji oktýabr Bütindünýä şäherler güni.

“Häzirki wagtda şäherlerde barha köp adam ýaşaýar. Olar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, abadançylygy we parahatçylygy saklamakda, adam hukuklaryny goramakda möhüm rol oýnaýarlar “

BMG-nyň 8-nji Baş sekretary Pan Gi Mun

2014-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan bäri her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň (A / RES / 68/239) karary bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni parahatçylyk meselelerine çekmek üçin Bütindünýä şäherler güni bellenilýär. Bu karar dünýädäki şäherleriň ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek üçin mümkinçilikleri we bu ýagdaý bilen baglanyşykly kynçylyklary çözmek üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çagyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar we 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 68% -i şäher ilaty bolar. Mysal üçin 1800-nji ýyllaryň başynda ilatyň 2% -i, 1950-nji ýyllarda bolsa 30% -i şäherlerde ýaşapdyrlar. Dünýäde her gün takmynan 180 müňe golaý adam şäherlere göçýär.

Netijeli meýilnamasyny düzmek we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin BMG ilatly nokatlar boýunça konferensiýalary geçirýär. Birinjisi  1976-njy ýylda Wankuwerde (Habitat-I), soňra 1996-njy ýylda Stambulda (Habitat-II), 2016-njy ýylda bolsa halkara jemgyýetçiligi Kito şäherinde ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi (Habitat-III) boýunça üçünji konferensiýasyny geçirdi.

Bütindünýä şäherler gününiň şygary: Gowy şäher, has gowy durmuş. Bu gün geçirilen çäreler şäher ösüşiniň iň gowy tejribesine ýa-da şäherleşme bilen baglanyşykly anyk meselelere bagyşlanýar.

Şu gün Baş Assambleýa ähli döwletleri, BMG-niň Habitat maksatnamasyny, degişli halkara guramalaryny, raýat jemgyýetini we beýleki gyzyklanýan taraplary we şäher ýaşaýjylaryny Bütindünýä şäherler gününi bellemäge çagyrýar. Däp bolşy ýaly, 31-nji oktýabrda ýygnaklar we forumlar geçirilýär. Bu ýygnaklara gatnaşyjy ýurtlar bolsa şäher ösüşi baradaky tejribelerini paýlaşýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, Bütindünýä şäherler güni şäher ýaşaýjylarynyň durmuşyny gowulaşdyrmak ugrundaky tagalla edýän şäher häkimlere we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylara hormat goýmak üçin bir pursat bolup çykyş edýär.

 

Laçyn Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                        Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasy hyzmatdaşlygyny ösdürer

ABŞ-da prezident saýlawlary: 70 million saýlawçy ses berdi

Türkmenistan Monako ilçi belledi

Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Türki dünýäsiniň sammiti: Ärdogan döwlet, Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar