TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

31-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Ykballara täsir edýän ýyldyzlaryň täleýnamasy bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin size 31-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Seýle-de siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Gepleşikleri geçirmek, aragatnaşyk gurmak we köne gatnaşyklary täzelemek üçin örän üstünlikli gün. Kärdeşlerden täze bir zat öwrenmek peýdalydyr. Sapar etmek, köpçülikleýin çärelere gatnaşmak üçin gowy gün.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Maliýe meselelerini çözmek üçin gowy gün. Gowy girdeji gazanmak üçin bir mümkinçilik bolar. Täze tanyşlar, öwrenip başlamak, intellektual maglumatlary almak üçin ajaýyp gün. Gysga syýahatlar bu gün size aýratyn lezzet berer.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Şübheli tanyşlyklara ynanmaň. Bu döwürde işde goşmaça girdeji gazanmak mümkin bolar. Öý goşlaryny ýa-da awtoulag satyn almak üçin amatly wagt. Maşgalaňyz bilen ownuk-uşak zatlarda dawa etmäň, özüňizi gözegçilikde saklamaga synanyşyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün dostlaryňyzyň maslahatyny diňlemeli. Bu siziň karýeraňyza oňyn üýtgeşmeler getirip biler. Esasanam uly maliýe maýa goýumlary talap edilýän ýerlerde töwekgelçilikli işlere goşulmaly däl.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Işli gün, köp dawa bolup biler. Hukuk goraýjy edaralar ýa-da başlyklar bilen baglanyşykly meseleler mümkin. Alkogol içmek maslahat berilmeýär. Ýaramaz ýagdaýlary çözmek kyn bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sagdyn Iýmitlenip, bedeni arassalap bilersiňiz. Ýaramaz duýgulary görkezmäň.  Iş ýerinde özüňizi ele almaga synanyşyň. Bu gün, käbirleriňiz ýakynlaryňyz bilen ýaraşar we gatnaşyklary dikelder. Bu gün köpçülik ýerlerine baryp görmek gowudyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar häzirki wagtda işde we işewürlikde tertipli bolmaly. Kärdeşler bilen aragatnaşykda we resminamalar bilen baglanyşykly kynçylyklar bolup biler. Ene-ataňyza aýratyn üns beriň. Eger ýanlarynda bolmak mümkinçiligi bolmasa, jaň edip hal ýagdaýlaryny soraň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Söwda etmek üçin gowy gün. Bu döwürde baglaşylan şertnamalar we düzülen meýilnamalar oňat netije berer. Täze adamlar bilen tanyşmak üçin amatly wagt. Täze romantik gatnaşyklar mümkin.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün alçaklygyňyz we özüne çekijiligiňiz iň ýokary derejede bolar. Olar bolsa, şu gün size islendik gapylary açyp biler. Emma başlygyňyz we ýakynlaryňyz bilen gatnaşygy aýdyňlaşdyrmakdan gaça duruň. Häzirki wagtda hemme zat gowy tarapa çözüler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu günki keýpiňiz gatybir gowy bolmaz. Töweregiňizdäkiler bilen uly jedele, dawa girip bilersiňiz. Bu gün üstünlikleriňiz ortaça bolar. Kynçylyklara garamazdan ýagdaýa başgaça seretjek boluň. Gowşak bolsaňyz-da, ähli güýjüňiz bilen öňe gidiň!

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Häzirki wagtda asyl maslahaty diňlemek, durmuşa täze usullary we tehnologiýalary girizmek gaty möhümdir. Iş ýerinde az sözli we has işeňňiz bolmaga synanyşyň, bu belli bir derejede maliýe üstünlikleri getirer. Size ýamanlyk isleýän işdeşleriňizden we başlyklaryň göwnünden turmazlykdan, göriplik etmekden we gahar-gazapdan gaça duruň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Häzirki wagtda hutlar gahar-gazaply bolar. Ýolbaşçylar bilen jedelleşmäň we işdeşleriňiz bilen dawa etmäň. Uzak wagtlap gatnaşyklary bozup bilersiňiz. Has seresap bolmaly. Tehniki enjamlar bilen işlemezlik has gowudyr, bökdençlikler bolup biler.

ÝUNOPS Türkmenistana döwrebap lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy

Ýene-de okaň

23-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle