TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

300 million dozada sanjym alar

Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasy, COVID-19 pandemiýasyna garşy sanjymyny satyn almak hakynda “Sanofi we “GSK” derman kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama baglaşandygyny habar berýär. Şeýle hem Ýewropa komissiýasy, sanjymlary öwrenmegi dowam etdirýän “AstraZeneca” kompaniýa bilen birmeňzeş şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda Ýewropa komissiýasy, “Johnson & Johnson”, “CureVac”, “Moderna” we “BioNTech” kompaniýalar bilen şertnama baglaşmak hakynda gepleşikleri geçirýändigini habar berdi.

Mundan başga-da Ýewropa komissiýasy, COVID-19 garşy sanjymyny ösdürmegi, öndürmegi we paýlamagy maksat edinýän global “COVAX” başlangyjyna goşulandyklaryny habar berdi. Ýewropa Bileleşigi we 27 döwletleriň agzalary, Ýewropa maýa goýum bankynyň üsti bilen “COVAX” başlangyjyna 230 million ýewro goşant goşjakdygyny we munuň bilen 88 million dozada sanjymlaryň ätiýaçlandyryljakdygyny mälim etdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Sanjymlar we immunizasiýa boýunça global bileleşigi (GAWI) we Epidemiýa taýynlyk innowasiýasy koalisiýasy (CEPI) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “COVAX” başlangyjy, 2 milliard dozany satyn almak maksady bilen sanjymlara adalatly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmegi maksat bilen “COVID-19” sanjymlary 2021-nji ýylyň ahyryna çenli satyn almagy maksat edinýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Teswirle