TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

30 ýyldan soňra täzeden ekrana dolanýar

Amerikaly režissýor Frensis Ford Koppola “Paramount” kino kompaniýasyndan “Çokunduran ata” atly meşhur filmiň üçünji bölümine üýtgetmeler girizmek babatda rugsat aldy. “Çokundyran ata” (1990 ý) filminiň täze görnüşi şu ýylyň dekabrynda prokata çykar hem-de bu filmiň uly ekranlarda görkezilip başlanmagynyň 30 ýyllygyna gabat geler.

Kinonyň adyndan hem üýtgeşiklik girizildi. Ol “Çokundyran ata: 3-nji bölüm” däl-de, “Mario Pýuzo: Maýkl Korleoneniň aradan çykmagy” bolar. Režissýor Koppola bu filmiň ahyrky bölümi üçin täze başlangyç hem-de täze soň işläp düzdi. Filmiň käbir sahnalary, bölümleri we saz böleklerini täzeden tertiplenýär.

Täze üýtgetmeler bilen bu film “Çokundyra ata” hem-de “Çokundyra ata 2” filmlerine garanyňda, has ýerlikli gutardyş sahnalaryna eýe bolar. Koppola kino studiýa özüniň döredijiligini ulanyp, täzeçillik girizmek pikirlerini goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Opl özüniň “American Zoetrope” kompaniýasynyň işgärleri bilen filmiň täzeden dikeldilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekdi. Koppola filmiň her bil böleginiň dikeldiş işlerine hut özi gözegçilik etdi.

Bu filmiň ilkinjisi 8 ugur boýunça “Oskar” baýragy boýunça hödürlendi we 3-sinde baýraga mynasyp boldy. Kinonyň ikinji bölümi Amerikanyň kino sungat akademiýasynyň baýragyny 6 gezek gazandy.

Köp wagtlap garaşylan filmine gatnaşan aktýorlar: Al Paçino, Daýan Kiton, Endi Garsiýa, Sofiýa Koppola we Jo Mantenýa.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle