DÜNÝÄ

30 ýyldan soňra Gimalaýy gördüler

Hindistanda 23-nji martda yglan edilen karantin howanyň täzelenmegine sebäp boldy. Şeýlelikde, Penjab welaýatynyň ýaşaýjylary soňky 30 ýylyň içinde ilkinji gezek Gimalaý daglarynyň depesini görüp bildiler.

Dagdan 200 kilometr uzaklykda ýerleşýän Jalandhor şäherinde we oňa ýakyn obalarda ýaşaýanlar sosial torlardaky sahypalarynda dagyň suratyny paýlaşdylar. Suratlaryň gapdalyndaky teswirlerde bolsa uzak ýyllaryň dowamynda dagy görmändikleri aýdylýar.

Manjit Kang atly bir ulanyjy bolsa: «Gimalaýy 30 ýylyň içinde ilkinji gezek görýärin. Bu örän täsin» diýip ýazdy.

Ýurtda awtoulaglaryň hereketi we senagat kärhanalaryndaky işler çäklendirileli bäri howa düýpgöter üýtgedi. Hindistanyň ekologiýasyna gözegçilik edýän merkezi geňeşden berilýän maglumatlara görä, karantin howanyň 44 göterim täzelenmegine getiripdir. Eýýäm ilkinji hepdede 85 şäherde howanyň tämizlenendigi duýuldy.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy Ženewada tanyşdyryldy

Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek maslahatlaşyldy

USAID tarapyndan žurnalistler üçin okuw seminary guraldy

ADNOC kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi

Rumyniýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçiriler

Konsullyk, serhet we gümrük boýunça türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi