DÜNÝÄ

30 ýyldan soňra 6 çaga dünýä indi

30 ýyldan soň ilkinji gezek Fransiýada birbada 6 çaga dünýä indi. Olaryň bäşisi gyz we bir hem oglan. Bu barada “RTL” radioýaýlymy habar berýär.

Bu çagalar Fransiýanyň Strasburg şäherindäki hassahanada dünýä indi. Iudeý zenan bu çagalary adaty ýagdaýda däl-de, lukmanlaryň kömegi bilen operasiýa arkaly dünýä inderdi.  Çagalar 630 bilen 730 gram agramda dünýä indiler. Çagalaryň dünýä inmegi üçin 30 sany hünärmenden ybarat topar hyzmat etdi. Täze doglan çagalar birnäçe aý hassahanada gözegçilikde saklanarlar.

6 çagany dünýä indiren zenanyň başga-da 2 çagasy bar.

6 çagany dogurmak seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Ol dünýäde 4,7 milliard çaga doglanda ortaça bir gezek ýüze çykýar.

Fransiýada iň soňky gezek 6 çaga 1989-njy ýylda Pariždäki hassahanada dünýä inipdi.

Ýene-de okaň

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy

Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyryldy

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Türki akademiýasynyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary “British Library” kitaphanasynda saklanýar