SPORT

30-njy Aprelde Žurnalistleriň arasyndaky II Şaşka ýaryşy geçiriler

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan  sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen bilelikde gurnalýan  žurnalistleriň arasynda her ýylda geçirilýän şaşka ýaryşy bu ýyl II gezek gurnalar. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryş ilkinji gezek geçen ýyl geçirilipdi we 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 30-ynda geçirilen žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna uly gyzyklanma bolupdy.

Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmek babatda öňümizde goýan wezipelerini wagyz etmekden, sportuň görnüşlerini, şol sanda aň-paýhas oýunlarynyň giňden ýaýran görnüşleriniň  biri hasaplanýan şaşka oýnuny ösdürmekden, onuň muşdaklarynyň sanyny artdyrmakdan  we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak baradaky il bähbitli, ýurt ähmiýetli sargytlaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr.

 Hasaba aldyrmaga howlugyň

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler    +993 62 88 02 63   we  +993 63 35 29 74  telefon belgisine jaň edip ýa-da atawatansport@gmail.com e-poçta salgysyna hat iberip hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar ilkinji 100 adamyň çäginde hasaba alynar.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebinde ir bilen sagat 09:00 da başlanýar.  Hasaba alyş ýaryş başlaýança dowam edýär we ýaryş başlaýança hasaba alynmadyklar ýaryşa  gatnaşdyrylmaýar.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşy 2 toparda, ýagny erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriler we her toparyň 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlaryna “Makul Hyzmat” Terjime merkezi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşurylar. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň žurnalistika hünärinden bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebinde geçiriljek bäsleşik “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň hemaýat bermeginde geçiriler.

Ýene-de okaň

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary 10-njy gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri