TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

3-nji awgust – Garpyz güni

3-nji awgustda dünýäniň dürli ýurtlary ýakymly baýram – Garpyz gününi belleýärler. Bu baýramçylyk öz gözbaşyny ABŞ-dan alyp gaýdýar. Bu ýurtda 3-nji awgust – Milli garpyz güni (National Watermelon Day) hökmünde bellenýär. ABŞ garpyz iýmekde dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanyňda, birinji orunda durýar.

Suwsuzlygy doly gandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan garpyzyň milli baýramçylygynyň haçan we nirede döredilendigi belli däl. Ýöne bu baýramçylygyň meşhurlygy ýylyň-ýylyna köpelýär. Şonuň üçin ol halkara derejesindäki baýramçylyklaryň hataryna goşuldy.

Häzirki wagtda garpyz dünýäniň 96 ýurdunda 1200-den gowrak görnüşde ösdürilip ýetişdirilýär.

Taryhçy alymlaryň bellemegine görä, garpyzyň watany Günorta Afrika hasaplanýar. Ýöne gadymy Müsürde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerde hem garpyzyň ösdürilip ýetişdirilendigi mälim edilýär.

Russiýada we Ýewropada garpyz XI-XII asyrda (käbir maglumatlara görä, XIII-XIV asyrda) peýda bolupdyr. Amerika bolsa XVI asyrda aralaşypdyr.

Garpyz diňe bir tagamly iýmit bolman, eýsem adama bedenine peýdalylygy bilen hem tapawutlanýar.  Garpyz A witaminiň ajaýyp çeşmesidir we B witamininiň, C witaminiň we fol turşusynyň toplumyny öz içine alýar.

Bularyň hemmesi diňe bir immuniteti güýçlendirmek bilen çäklenmän, nerw ulgamynyň kadaly işlemegine kömek edýär. Şeýle hem garpyz ganazlyk, ýürek-damar ulgamynyň keselleri, bagyr we peşew ýollarynyň keselleri üçin lukmançylyk iýmiti hökmünde hem ulanylýar

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle