TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

3000 ýyllyk gylyç tapyldy

Daniýanyň Odense muzeýiniň arheologlary, Fýunen adasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde takmynan 3 müň ýyllyk ajaýyp bürünç gylyjy tapdylar. Bu adada Polşa bilen Daniýanyň arasynda uly “Baltika” gaz turbasyny gurmaga taýýarlanýarlar. Şol sebäpli bir ýyl töweregi arheologlar, geljekde turbalaryň goýuljak ýerlerini gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Tapylan bürünç gylyjyň agramy 1,3 kilogramma barabar bolup durýar. Agaçdan we şahdan ýasalan gylyjyň tutabajy, täsin ýagdaýda gowy şekillde saklanyp galypdyr diýip, Odense şäherinde ýerleşýän muzeýiň hünärmenleri belläp geçýär. Muzeýiň dolandyryjysy Jesper Hansen bolsa gylyjyň henizem ýiti we seýrek duş gelýän emläkdigini aýdýar. Häzirki wagtda gylyjy öwrenmek we gorap saklamak üçin muzeýe geçirildi. Alymlar onuň senesini we gylyjy ýasamak üçin ýasalan materiallaryň nireden alnandygyny anyklamaga synanyşarlar. Şondan soňra tapyndyny “Mentergorden” medeni taryhy muzeýinde görkeziler.

 

Dünýäniň iň uly ýolagçy uçarynyň önümçiligi togtadyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle