27 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly ýeňil atletikaçy Grant Holloueý 60 metr aralygy päsgelçilikli ylgamakda 27 ýyllyk rekordy täzeledi. Ol bu ugurda täze rekordyň eýesi boldy.

23 ýaşyndaky futbolçy ýapyk binalardaky dünýä çempionatynyň Madrid tapgyrynda bu aralygy 7,29 minutlyk derejesi bilen nobatdaky rekordy goýdy.

Mundan ozalky rekord 1994-nji ýylda goýlupdy. Şol ýylda Kolin Jekson 60 metr aralygy päsgelçilikli ylgamakda 7,30 minutlyk derejesi bilen rekord goýupdy.

Amerikaly ýeňil atletikaçy Grant Holloueý  2019-njy ýylda Katarda geçirilen ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 110 metr aralygy päsgelçilikli ylgamakda altyn medaly eýeläpdi.

Grant Holloueý ýeňil atletikanyň beýleki ugurlary bilen hem meşgullanýar. Ol 60 metr, 100 metr we 200 metr aralyga ýokarlygyna bökmek ugry boýunça hem ýaryşlara gatnaşýar.

Okap bilersiňiz  Täze “Belet Film” hyzmaty

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen