DÜNÝÄ

Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle-de institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabara wideoaragatnaşyk arkaly Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik bileleşiginiň, Korneli Kekelidze adyndaky Gruzin milli golýazmalar merkeziniň, Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat bölüminiň ýolbaşçylary hem-de ýurduň belli žurnalistleri hem gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedowyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aman Şyhnepesowyň çykyşlary diňlenildi.

Ýene-de okaň

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri