26000-den gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filipppo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik ugry bu özara hereketleriň möhüm bölegini emele getirýändir.

Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň kesgitleýji resminamalarynyň ähmiýetli böleginiň agzasy bolmak bilen, raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Duşuşygyň dowamynda ýurduň kabul eden halkara borçnamalaryndan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýändigi barada pikir alyşyldy we bu ugurda Türkmenistanyň beýleki döwletlere nusga alarlyk bolup durýandygy bellenildi.

Raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Bu ugurda 2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilendigi hem bellenilip geçildi. Çünki geçen 15 ýylyň dowamynda dürli etniki toparlarynyň wekilleri bolan 26 000-den gowrak adamlara Türkmenistanyň raýatlygy berildi.

Okap bilersiňiz  Koronawirus teňňesi döredildi

Bu ugurda 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça #Ibelong global kompaniýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bu ähmiýetli meseleleriň öňüniň alynmagy hem-de dolulygyna çözülmegi boýunça bilelikdäki işler netijeli alnyp barylýar.

Şunlukda raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi boýunça oňyn tejribä eýe bolmak bilen, türkmen tarapy Aşgabatda göni gatnaşyk hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy formatynda Raýatsyzlyk boýunça Sebitleýin maslahatyň geçirilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.

2012-nji ýylda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň sebit derejesinde bu meseleleriň oňyn çözgüdine ähmiýetli goşant goşandygy hem bellenilip geçildi. Şunuň bilen birlikde, ýokarda agzalan Jarnamanyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy bilen baglylykda, 2022-nji ýylda «Аşgabat + 10» Syn beriji maslahatyň geçirilmeginiň derwaýyslygy beýan edildi.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy