SIZDEN GELENLER

Sungat – jemgyýetiň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky bagty-bagtyýarlyk döwrümizde döwletde jemgyýetiň ruhy dünýäsini, döredijilik taýdan pikir ýöredip bilýän milli ussatlary kemala getirmek möhüm şert bolup öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň degişli guramaçylyk we maddy-tehniki binýadyny döretmekde, olaryň daşary ýurtlaryň esasy ylym-bilim merkezleri bilen aragatnaşyklary ýola goýmakda görlen çäreleriň netijesinde bilim, ylym we medeniýet ugruny düýpli özgertmekde uly ösüş gazanyldy. Türkmenistanyň bilim, ylym we medeniýet baradaky kanunlary kabul edildi.

Ylma, bilime we medeni diplomatiýa Türkmenistanyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde ähmiýet berilýär. Ylym-bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek, milli medeni gymmatlyklary wagyz etmek medeni-ynsanperwer diplomatiýanyň tejribesinde möhüm gurallar hasaplanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerur bolup durýandygy barada nygtady. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

«Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» laýyklykda, döwürleriň, ruhy we medeni mirasyň, özboluşly we gaýtalanmajak däpleriň dowamlylygynyň hakyky arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, milli sungatyň, halk senetçiliginiň we ussaçylygyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanyp hem-de kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere peşgeş berilmegi üçin görelde alarlyk döwlet syýasaty alnyp barylýar.

Ine, şeýle ajaýyp döwürde sungatyň ähli ugurlary bilen bir hatarda şekillendiriş sungatyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şekillendiriş sungaty – grafika, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk görnüşleriniň toplumydyr. Sungatyň bu görnüşi dünýä gözelliklerini görmek arkaly kabul edip, tekizlikde we giňişlikde döretmegi aňladýar. Şekillendiriş diýip atlandyrylmagynyň sebäbi suratkeş öz eserlerinde pikirlerini we duýgularyny adam, haýwan, tebigat, zatlaryň, nagyşlaryň şekilleri arkaly köp sanly hadysalaryň we dünýädäki zatlaryň şekillerini beýan edýär we bu sungat görmek arkaly kabul edilýär. Onuň esasy maksady adamyň daş keşbini, onuň häsiýetlerini, başdan geçirýän duýgularyny edil janly ýaly edip köpçülige ýetirmekdir.

Şekillendiriş sungaty çylşyrymly hem köpdürli dünýä hakykatyny duýmakda, ony esere geçirmekde esasy serişdedir. Şoňa görä-de, onuň ynsan aňyýetine täsir ediş mümkinçiligi uly bolup, adamy terbiýelemekde, gözellik duýgularyny ösdürmekde işeňňir ýardam edýär. Şekillendiriş sungaty hem beýleki sungatlar ýaly aýdyň beýan edilýän döredijilikli meşgullanmadyr, onuň netijesinde hakykaty şöhlelendirýän çeper keşpler – anyk duýguly keşpler döredilýär we oňa adamalaryň gözellik gatnaşyklary ornaşdyrylýar. Şekillendiriş sungatynyň birnäçe asyrlaryň dowamynda kämilleşmeginiň netijesinde bu sungatyň birnäçe görnüşleri we žanrlary ýüze çykdy.

Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri hakynda aýdylanda, bu ýerde esasy we umumy alamatlary boýunça birleşdirip boljak dürli eserler göz öňüne tutulýar. Meselem: nakgaşçylyk hakynda aýdanymyzda, onuň dürli görnüşlerini: kendiriň ýüzüne çekilen suratlary, diwaryň ýüzündäki mozaikany, kitaby bezeýän miniatýurany göz öňüne tutmalydyrys. Binagärçilik hakynda gürrüň edenimizde bolsa, onuň ähli görnüşlerini we niýetlenilişini: köşkleri, ýaşaýyş jaýlaryny, zawod-fabrikleri, okuw mekdeplerini we ş.m. göz öňüne tutmalydyr.
Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri hem öz içinde birnäçe žanrlara bölünýär. Žanr – fransuzça “genre” sözi “görnüş, bölüm” diýmekdir. Ol şekillendiriş sungatynda sungat eserleriniň keşpli-kompozision gurluşynyň durnukly görnüşidir. Meselem: nakgaşlykda, grafikada, heýkeltaraşlykda şu žanrlar: natýurmort, portret, peýzaž we başgalar bardyr.
Eger-de biz portret hakynda gürrüň etsek, onda siz anyk bir adamyň daşky keşbini, içki dünýäsini, häsiýetini açyp görkezýän sungat eseri hakynda gürrüň gitjekdigine eýýäm göz ýetirensiňiz. Grafikanyň, nakgaşçylygyň, heýkeltaraşlygyň her bir žanry öz beýan edýän zatlary, wakalary bilen çäklendirilendir. Şeýlelikde, portret (nakgaşçylykda, grafikada, heýkeltaraşlykda) kesgitli bir adamyň şekilidir. Peýzaž bolsa (özüniň ähli görnüşlerinde hem oba peýzažy, şäher peýzažy, deňiz peýzažy, industrial
peýzaž) adamzady gurşap alan daşky dünýäni şekillendirýär, bize tebigatyň keşbini görkezýär.
Sungaty öwreniş ylmy adamzadyň döreden maddy-medeni çeşmelerini öwrenýän pudak hökmünde möhüm ugurdyr. Ol arheologiýa, etnografiýa, filosofiýa, taryh we başga-da birnäçe ylmy pudaklar bilen sazlaşykda barýar. Şonuň üçin hem gadymy döwürden tä biziň günlerimize çenli adam eli bilen döredilen çeper önümleri öwrenmek we olaryň medeni derejesini kesgitlemek sungaty öwreniş ylmynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Sungatyň jemgyýetiň aňyna örän uly täsiri bardyr.

Türkmenistanyň ýerlerinde ilkidurmuş adamynyň peýda bolmagy (takmynan, 1 million 800 müň ýyl mundan ozal) daş asyrynyň gadymy döwrüne, ýagny paleolit eýýamyna degişlidir. Alymlaryň çaklamagyna görä, iň gadymy döwürlerde Hazar deňziniň tutýan meýdany has uly bolupdyr. Ýüz müňýyllyklaryň dowamynda onuň suwy çekilip, Garagum çölüniň emele gelmegine getiripdir.
Türkmenistanda has gadymy döwürlere degişli zähmet gurallary Türkmenbaşy şäherinden gündogarda ýerleşýän Ýangyja we Garateňgir duralgalarynyň aralygynda arheologlar tarapyndan ýüze çykaryldy.
Hazaryň kenaryndan tapylan daş gurallaryň “ussahanasynda” köpsanly inçejik temenleriň bolmagy ýöne ýere däldir. Olary agaçlardyr süňklere oýup nagyş çekmek üçinem, deriden geýim, halta ýa-da torba tikmek üçinem ulanmak mümkin bolupdyr.

Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri kemala gelen şekillendiriş sungaty häzirki döwürde-de üstünlikli ösdürilýär. Eziz Diýarymyzyň köp ýerlerinde şekillendiriş sungaty muzeýleri hereket edýär. Onda dürli eserler ýerleşdirilip, ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti we sungaty barada söz açylýar.

Ýagşygeldi Kakaýew, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa

Aşgabat – sport şäheri

Eziz Diýarymyz – sport ýurdy