TEHNOLOGIÝA

Mongoliýada Bütindünýä awtoulagsyz güni bellendi

Mongoliýanyň paýtagtynda howanyň hapalanmagy we ulag dyknyşyklaryny azaltmak meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmegi maksat edinýän Bütindünýä awtoulagsyz güni bellendi. Bu barada mongol paýtagtynyň häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Şol gün mongol paýtagtynyň esasy ýollarynyň hemmesi awtoulaglar üçin ýapyldy.

Bütindünýä awtoulagsyz günüň çäginde birnäçe sport we dynç alyş çäreleri geçirildi.

Mongoliýa 2009-njy ýyldan bäri awtoulagsyz güni belläp gelýär.

Her ýyl 22-nji sentýabrda tutuş dünýäde Bütindünýä awtoulagsyz güni bellenýär.

Dünýäde ilkinji gezek awtoualgsyz gün 1973-nji ýylda Şweýsariýada bellendi. Şondan soňra ýylyň-ýylyna Ýewropa ýurtlarynda awtoulagsyz günler bellenilip başlandy. 1997-nji ýylda bu giň gerimde Beýik Britaiýda bellendi. 1998-njy ýylda oňa Fransiýa goşuldy.

2023-nji ýylda dünýäniň 40-den gowrak ýurdunyň 2600-dan köp şäherinde awtoulagsyz gün bellendi.

Ýene-de okaň

“Cybertruck” ulagy satuwa çykdy

“Ata Watan Media” topary Stiw Jobsuň öýüne baryp gördi

“Ata Watan Media” topary “Tesla” kompaniýasynyň täze ulagynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Bassyr 11 ýyldan bäri birinjiligi eýeleýär

Sam Altman “OpenAl” kompaniýasyna gaýdyp geldi

Türkmenistanda “TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär

Ata Watan Eserleri