Her ýyl 23-nji iýunda dünýäde Olimpiýa hereketiniň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilmegi hatyrasyna Halkara Olimpiýa güni bellenilýär.
Bütin dünýäde Olimpiýa hereketine bagyşlanan we adamlara esasy Olimpiýa ýörelgeleri barada gürrüň bermäge mümkinçilik berýän ýörite baýramçylyk döretmek pikiri ilkinji gezek 1947-nji ýylda Stokgolmda geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 41-nji mejlisinde öňe sürüldi. Bir ýyldan soň Sankt-Morisdäki Halkara olimpiýa komitetiniň 42-nji mejlisinde bu baýramçylyk resmi taýdan tassyklandy.
Döwrümiziň I Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýylda Gresiýada geçirildi, şonda sportuň 9 görnüşi boýunça 14 ýurtdan 241 türgen gatnaşdy. Bir asyrdan gowrak wagt geçensoň, 2004-nji ýylda Gresiýada geçirilen Olimpiýa oýunlaryna dünýäniň 202 ýurdundan takmynan 11 müň türgen gatnaşdy. Türgenler 28 sport görnüşi ugrunda medal gazanmak ugrunda bäsleşdiler.
Olimpiýa hereketi ýaşlary sport arkaly özara düşünişmek hem-de dostluk ruhunda terbiýe bermekden ybaratdyr.
Olimpiýa oýunlarynyň esaslandyryjysy Pýer de Kuberten bolup durýar.