TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrmak ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraýan her ýylky sergisiniň esasy maksadydyr.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, keşbinde milli binagärlik däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýan Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle