TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Daragt” atly çeper filmiň görkeziliş dabarasy geçirildi

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlap, bolan wakalaryň esasynda “Daragt” atly çeper filmi surata düşürdi.

Kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen “Daragt” atly filmiň ilkinji görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu film ýurdumyzyň sungat ussatlaryny, kino söýüjileri paýtagtymyz Aşgabadyň adybir “Aşgabat” kinoteatrynda jemledi.

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli surata düşürulen we Beýik Watançylyk urşy barada söhbet açýan bu filmde onuň baş gahrymany Näzik atly gelniň başdan geçiren durmuşy wakalary şöhlelendirilýär.

Durmuşda hakyky bolan wakalaryň esasynda goýlan bu film Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk hem-de gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň, ýigitleri yzynda ojaklaryny saklap oturan gelinleriň wepadarlygyny, tutanýerliligini, erjellegini açyp görkezýär.

Uraşa giden ýanýoldaşyna beren sözünden çykman, mellegindäki erik agajynyň gurandygyna garamazdan, “Güllär!. Ol hem gaýdyp geler. Ol maňa söz berdi” diýen täsirli sözler bilen durmuşyny dowam etdiren Näzik daýzanyň belent söýgüsiniň netijesinde daragtyň güllemegi  bilen jemlenýän bu film kino söýüjilerde uly täsir galdyrjakdygy ikuçsyzdyr.

Awtory Akmyrat Rejepow bolan durýan bu filmde Turan Gurbanowa, Şemşat Kasymowa, Aýdogdy Sopyýew, Ýolaman Nurymow, Muhammetguly Kasymow hem-de Oguljahan Kulyýewa dagy surata düşdüler.

Bu filmi surata düşüren goýujy režissýor Sahysalyh Baýramow mundan ozal, Beýik Watançylyk urşy barada söhbet açýan “Gyzyl kürte” filmi bilen hem köp sanly halkara festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi.

Onuň režissýorlygynda surata düşürilen “Daragt” filminde poçtalýonyň keşbini oýnan Allaguly Täçgulyýew “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna beren beýanatynda bu filmi surata düşürmek üçin uly tagalla edilendigini, özüni poçtalýonyň keşbine has ýakyn duýandygyny belledi. Şol ýyllarda poçtalýonyň işiniň kyndygyna garamazdan, bu keşbi srata düşürmek maňa-da aňsat düşmedi diýip, Allaguly Täçgulyýew belledi. Ol türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň açyp görkezmegi babatda hem bu filmiň ornunyň uly boljakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk bildirdi.

Film gurnaýjylaryndan Kerim Allamyradow bolsa, beren interwýusynda filmi surata düşürmek üçin zerur bolan meýdançalary döretmek bilen meşgul bolandygyny belläp, adatça 8-9 aý möhlet berilýän filmi Ýeňiş gününe çenli surata düşürip tamamlamak üçin uly tagalla edilendigini belledi.

Ol bu filmi surata düşürmek üçin Ahal welaýatynyň Bäherden we Gökdepe etraplarynda bolandyklaryny, şol etraplaryň häkimlikleriniň hem-de ýaşaýjylarynyň ýakyndan kömek bermegi bilen şeýle ajaýyp filmiň surata düşürilendigini belläp, şeýle çeper filmleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.

 

 

Ýene-de okaň

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Iýun aýynyň baýramçylyklary: Gurban baýramy giňden belleniler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Teswirle