Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji aprelinde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy gymmatlyklarymyza we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna daýanýan halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmak, raýat jemgyýetini gurmak, raýatlaryň azatlyklarynyň, hukuklarynyň goragyny üpjün etmek babatda giň gerimli işlere badalga berildi. Bu ugurda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatyna uly orun degişli bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň işini üstünlikli ýola goýmak babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren gymmatly maslahatlary alyp barýan işimizde esasy ýol-ýörelgämizdir.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleri ilat arasynda düşündirmek boýunça häzirki wagtda dürli maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär. Olarda raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de hukuk namalarynyň ähmiýeti giňişleýin düşündirilýär.
Soňky ýyllarda raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimizde üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler, kabul edilýän döwrebap kanunlar doly şaýatlyk edýär. Milli kanunçylygymyzyň ösüş-özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýolunyň rowaçlanmagyna itergi berýär.
Demokratik ýörelgelere esaslandyrylýan hem-de bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmeginiň, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmegiň, ygtybarly esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde, medeni-ynsanperwer ulgamynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda häzirki wagtda gazanylýan üstünlikler geriminiň giňligi bilen häsiýetlendirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeler Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwrümiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen berk sazlaşykly bu taglymat täze eýýamyň milli ideologiýasynyň özenini düzýär we halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda raýat jemgyýeti ählitaraplaýyn ösdürilýär, halk häkimiýetliliginiň täze institutlary döredilýär we kämilleşdirilýär.
Merdan Jumanazarow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.