TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

2,2 million dollarlyk elektrikli ulag

Awtomobil bäsleşikleri üçin ulag öndürýän “Lotus Cars” kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ulag öndürmäge girişdi. Umumy bahasy 2,2 million dollara barabar boljak “Ewija” atly ulag 2 müň at güýjüne eýe bolup, 100 kilometr tizlige 3 sekuntda ýetmek mümkinçiligine eýe bolar.

Täze ulagyň zarýady 18 minutda dolup, ol bu zarýad bilen 400 kilometr menzil aşyp biler. Ulagyň daşky we içki bezeg işleri hem haýran galdyrýar. Olarda üýtgeşik materiallar ulanylýar. Awtoulag taslamalaşdyrylanda ony adaty wagtda hem-de sport ýaryşlarynda ulanmak üçin 3 tapawutly funksiýalar göz öňünde tutulypdyr.

Kompaniýanyň “Ewija” atly ulaglary meşhurdy. Bu ulag görnüşiniň ozalkylary 1680 kilogram agramda bolup, bary-ýogy 130 sanysy öndürildi.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle