Düýn ýurdumyzda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlaryň barşyna monitoringi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören halkara we milli synçylar amala aşyrdylar.
Şolaryň hatarynda BMG-den, GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň bardygyny bellemek gerek.
Şu gün “Garagum” myhmanhanasynda halkara synçylar topary ýerli we daşary ýurtly žurnalistler üçin metbugat maslahatlaryny gurnady. Oňa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Metbugat maslahatynda Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparynyň wekili Mirwokhid Azimow çykyş edip, saýlawlara oňyn baha berdi. Ol hem Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparynyň paýtagtymyz Aşgabatdaky we Ahal welaýatyndaky saýlaw uçastoklaryna baryp görendigini belledi.
Şeýle hem saýlawlardaky ses berlişigi Merkezi saýlaw toparynyň resmi saýtynda onlaýn tomaşa etmek mümkinçiligini hem alandyklaryny belledi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparynyň wekili Ersin Aýdogan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen söhbetdeş boldy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna çykyş eden Ersin Aýdogan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň çakylygy boýunça Aşgabada gelendiklerini belledi. Ol 24-26-njy mart aralygynda saýlawlaryň taýýarlyk işleri we saýlawlar barada maglumat alandyklaryny belledi.
Ersin Aýdogan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň wekilleri bilen dürli gepleşiklerini geçirendigini belläp, saýlaw güni hem 8 saýlaw uçastogyna baryp görendiklerini mälim etdi.
Saýlawlaryň milli kanunçylyga hem-de halkara ülňülerine laýyk geçirilendigini belläp, saýlawlaryň örän ýokary ruhubelent ýagdaýynda geçirilendigini mälim etdi.
Ersin Aýdogan saýlawlara saýlawçylaryň işjeň ýagdaýynda geçendigini, şeýle hem saýlawlaryň 91 göterimden gowragynyň gatnaşandyklary belledi. Ol bu saýlawlaryň netijeleriniň türkmen halkynyň geljegi üçin has ähmiýetli bolup, Türki Döwletleriň Guramasy bilen gatnaşyklara hem oňyn täsirini ýetirmegine umyt bildirýändiklerini mälim etdi.
Mundan başga-da, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar topary hem saýlawlaryň jemleri boýunça metbugat maslahatyny geçirip, onda saýlawlara ýokary baha berdiler.