TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy

Şu gün Dohada geçirilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi. Täze diplomatik wekilhananyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Dohada bolýan türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada iki ýurduň baýdaklary galdyrylyp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekdi.

Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagy kesildi. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Ýeri gelende bellesek, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Kataryň diplomatik wekilhanasy açyldy. Bu günki açylan Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy hem soňky ýyllarda okgunly ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin häsiýete eýediginiň nyşanydyr. Onuň işi bir maksada — iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmaga, netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň hem-de Kataryň raýatlarynyň, jemgyýetçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary goldamaga we ilerletmäge gönükdirilendir.

Ýakyn Gündogaryň bu ýurdunda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak meselesi hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Katara amala aşyran saparynyň çäginde Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şondan birnäçe gün soňra — 9-njy dekabrda bolsa döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletinde Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak hakynda Permana gol çekdi.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň bäşisi amala aşyrylyp, olaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öz içine alýan netijeli gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň möhüm halkara meseleler boýunça köp babatda garaýyşlary laýyk gelýär. Bu günki gün biziň ýurtlarymyz daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary giňeldip, oňyn syýasy dialogyň dowam etdirilmegi ugrunda çykyş edýärler.

Ýene-de okaň

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Teswirle