TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasynyň bijesi: “Mançester Siti” – “Bawariýa”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşygynyň bijeleri çekildi. Şoňa laýyklykda, Lionel Messi, Mbappe ýaly ýyldyzlary özünde jemleýän “PSŽ” toparyny ýaryşdan çykaran Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň paýyna bu gezek Angliýanyň “Mançester Siti” topary düşdi.

Angliýanyň “Mançester Siti” topary 1/8 finalda başga bir nemes topary bolan “Leipsigi” ynamly hem-de uly hasap bilen ýeňipdi. Iňlis toparyna 1/4 finalda beýleki güýçli nemes toparyny ýeňmek başardarmyka?

Çärýek finalyň duşuşyklary – 1-nji duşuşyklar 11-12-nji aprelde, jogap duşuşyklar 18-19-njy aprelde oýnalar. Ýeňiş gazanan toparlar çekilen bijä laýyklykda, 9-10-njy hem-de 16-17-nji maýdaky ýarym finalda duşuşarlar. Bu möwsümiň final duşuşygy bolsa 10-njy iýunda şenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnalar.

Çärýek finalyň bijeleri:

“Real Madrid” – “Çelsi”

“Inter” – “Benfika”

“Mançester Siti” – “Bawariýa”

“Milan” – “Napoli”

Ýarym finalyň bijeleri:

“Milan/Napoli” – “Inter/Benfika”

“Real Madrid/Çelsi” – “Mançester Siti/Bawariýa”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

“El-Klasiko”: “Barselonanyň” üstünligi

Türkmen türgeni dzýudo boýunça Ýewropanyň kubogynda altyn medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Teswirle