Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýyllar ýyllardan, aýlar aýlardan zyýada, her günümiz bolsa il-günüň ýadynda galýan ajaýyp pursatlara beslenýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda başy başlanan her bir döwletli iş halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda täze ädim bolup taryha ýazylýar. Ine, halkymyz tarapyndan biragyzdan goldanylyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl hem uly üstünlikler bilen başlandy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde, ýagny, ýanwar aýynyň 21-inde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen mejlis taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar Diýarymyzda ýetilen belent sepgitlerde Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary uly orun eýeleýär, sagdyn durmuşymyzyň sakasynda duran Milli Liderimiziň belent hormat-sarpa mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny we şonuň esasynda kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly öňe süren başlangyçlary ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren, adalatlylyga, deňlige, halallyga, ynsanperwerlige ýugrulan, bahasyna ýetip bolmajak tejribesini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ähli halkymyzyň bähbidine wekilçilik etjek edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek hem-de onuň bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada öňe süren teklipleri halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetiň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däbine eýerip, döwrüň öňe çykarýan meseleleriniň giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda aç-açanlyk esasynda geňeşmek arkaly möhüm çözgütleriň kabul edilmegine uly mümkinçilikleri döreder. Bu wekilçilikli edaranyň işine ýaşulular bilen bir hatarda ýaşlaryň hem gatnaşjakdygy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde ägirt uly güýç bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli beýik işleri halkyň bähbidi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda gurlan hem gurulýan täze oba-şäherler, döredilen bagy-bossanlyklar, ýollar hem durmuş-medeni maksatly binalar — bularyň ählisi halka hyzmat edýär. Ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär. Gadam basan täze, 2023-nji ýylymyz hem rowaç ýyllaryň biri boljakdygyny turuwbaşdan aňdyrdy. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at alan ýylymyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de onuň Başlyklygyna Gahryman Arkadagymyzyň bellenilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň yhlasy, taýsyz tagallalary bilen gurlan Arkadag şäheriniň şu ýylda ulanmaga beriljekdigi halkymyzy tüýs ýürekden begendirýär. Nesip bolsa, ähli amatlyklary bolan bu ajaýyp şäherden öý-ojakly bolmak bagty miýesser eden ildeşlerimiz jaý toýlaryny toýlap, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşarlar.
Milli Liderimiziň: “Öňde durýan wezipeler örän uly, edilmeli işler has köp. Bu işleri biz halkymyz, her bir raýatymyz bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, iş ýüzünde durmuşa geçirmelidiris” diýip nygtamagy her birimizi öňküden-de yhlasly zähmet çekmäge, mähriban Watanymyzyň ösüşlerine öz ornumyzda mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Halkymyzyň döwletlilik ýoly dowam, beýik işler, asylly başlangyçlar mundan beýlägem rowaç bolsun!
Akmuhammet Rejebow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň Dag işleri kafedrasynyň uly mugallymy.