TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

21-nji sentýabr – Halkara parahatçylyk güni

Her ýylyň 21-nji sentýabrynda  dünýä jemgyýetçiligini Halkara parahatçylyk gününi giňden belleýär. Ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylyk ideaýallaryny dabaralanmagyny alamatlandyrýan Halkara Parahatçylyk güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1981-nji ýylda döredildi.

BMG ähli ýurtlary we halklary bu senäniň bellenilmegi mynasybetli duşmançylygyň  bes edilmegine we baýramçylyk çärelerini halka bilim bermek we görnüşinde geçirmäge çagyrýar.

Halkara Parahatçylyk güni  BMG-niň Baş Assambleýasynyň1981-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 36-njy mejlisiniň A/RES/36/67 belgili karary bilen döredildi. Şol karara laýyklykda, bu şanly sene 1982-nji ýyldan başlap, 2001-nji ýyla çenli  sentýabr aýynyň üçünji sişenbe güni – BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenilip geçilýärdi.

Halkara Parahatçylyk gününi 21-nji sentýabrda bellemeklik karary bolsa BMG Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky 55-nji mejlisiniň A/RES/55/282 belgili ýörite karary bilen kabul edildi. Şondan bäri, her ýylyň 21-nji sentýabrynda halkara jemgyýetçiligi Halkara Parahatçylyk gününi belleýär.

Bu gün Baş Assambleýa tarapyndan ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda –  milli we halkara derejesinde dünýä nusgalyk parahatçylyk maksatlaryny pugtalandyrýan gün hökmünde yglan edildi.

Her ýyl Parahatçylyk güni belli bir mowzuga bagyşlanýar. Şeýlelikde, dürli ýyllarda “Adam hukuklary we parahatçylygy goramak”, “Parahatçylyk we ösüş üçin ýaşlar”, “Parahatçylyk we demokratiýa: Pikiriňizi beýan ediň”, “Durnukly gelejek üçin durnukly parahatçylyk”, “Parahatçylyk üçin bilim”, “Halklaryň parahatçylyga bolan hukugy”, “Durnukly ösüş maksatlary: Parahatçylyk üçin bilelikde gurulýan parahatçylyk binasy”, “Parahatçylyk üçin howa hereketi”, “Dünýäni bilelikde emele getirmek”, “Adalatly we durnukly dünýä üçin has gowy gurmak” ýaly şygarlary astynda geçirildi.

Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksatlaryndan biri sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işine ýardam bermekden ybaratdyr. Bu ugurda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň 106-njy umumy mejlisinde BMG-a agza ähli döwletleriň gatnaşmagynda “2021-Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly “ kararyny biragyzdan kabul edendigi bellärliklidir.

Gurbandurdy Berdyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle