21-nji martda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny giň gerimde alnyp barlar. Onda ýurdumyz boýunça saýaly we miweli agaç nahallarynyň 10 million sanysy ekiler.
Diýarymyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahaly oturdylar.
Ýurdumyzyň welaýat häkimlikleri bolsa, welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün ediler.
Hormatly Prezidentimiz ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem milli Liderimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.