21-nji fewral-Halkara ene dili güni

Halkara ene dili güni (BMG-niň resmi dillerinde:iňlis dilinde International Mother Language Day, rusça Международный день родного языка, arapça اليوم العالمي للغة الأم, ispança Dia Internacional de la Lengua Materna, hytaýça國際母語日, fransuz dilinde la Journé langue internationale de la) 1999-njy ýylyň noýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 30-njy sessiýasynda kabul edilen  karar esasynda döredildi. Bu halkara güni dil we medeni dürlüligi goramak maksady bilen 2000-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilip geçilýär.

BMG-niň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet boýunça döredilen düzüm birligi hasaplanýan ÝUNESKO howp abanýan dilleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek we ýagdaýy düzetmek üçin öňüni alyş gözegçilik ulgamyny döretmek isleýär.  ÝUNESKO-nyň hasaplamalaryna görä dünýäde bar bolan  6 müňden gowrak diliň ýarysy howp astyndadyr. Şol sanda 2009-njy ýylda ÝUNESKO Russiýada 136 diliň howp astyndadygyny ykrar etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara Ene Dili Gününi (Karar No. № / RES / 56/262) yglan etmek  baradaky karary goldady we BMG agza ýurtlaryny we bu guramanyň beýleki düzüm birliklerini ähli dilleriň goralyp saklanmagyna goşant goşmaga çagyrdy.       

 Halkara ene dili güni birnäçe ýyllaryň dowamynda dürli şygarlar arkaly bellenildi. Olara:  

2020-nji ýylda Serhetsiz diller;

2019 – Durnukly ösüşi, parahatçylygy we barlyşygy üpjün etmekde ýerli dilleriň ähmiýeti;

2018-nji ýylda Durnukly ösüşe ýetmekde lingwistiki dürlüligi ösdürmek;

Okap bilersiňiz  Men seniň ýanyňa barýan!

2017-nji ýylda Durnukly ösüş maksatlarynyň çäginde köp dilliligi ösdürmek;

2016-njy ýylda Bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň we öwrenmegiň netijeliligini ösdürmekde dilleriň orny;

2015-nji ýylda Diller möhümdir!;

2014-nji ýylda Global raýatlyk üçin ýerli diller: üns merkezinde ylym;

2013-nji ýylda Ene dilinde öwrenmek üçin kitap;

2012-nji ýylda Bilimiň hilini ösdürmekde köp dilliligiň ähmiýeti;

2011-nji ýylda Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň dilleriň, lingwistik dürlüligiň goralyp saklamakdaky we ösdürmekdäki orny;

BMG-niň dil günleri

Halkara ene dili güni bilen birlikde BMG-niň resmi dilleriniň günleri bellenilýär. BMG-niň Jemgyýetçilik maglumatlary bölümi tarapyndan köp dilliligi we medeni dürlüligi goldamak maksady bilen BMG-niň resmi dilleriniň günleri 2010-njy ýylda yglan edildi. Bu günleriň hataryna biz BMG-niň resmi dilleri hasaplanylýan iňlis, rus, fransuz, ispan, arap we hytaý dilleriniň günlerini aýdyp bileris.

 

Merýem ANNAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym