TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

21-nji aprel Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni

Her ýylyň 21-nji aprelinde Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni dünýäniň ençeme döwletinde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesinde döredijiligiň we innowasiýalaryň ähmiýeti barada düşünje artdyrmak üçin bellenilýär. Bu şanly senede Birleşen Milletler Guramasy birnäçe çäreleri ýokary derejede gurnaýar. Dünýäde giňden ýaýbaňlandyrylan durnukly ösüş maksatlaryny täzeçillik, döredijilik ýoly bilen amala aşyrmakda birnäçe işler alnyp barylýar. Bu baýramçylykda adamlary durnukly ösüşiň maksatlary bilen tanyşdyrmak we innowasion tehnologiýalaryny ulanmak ýagny sanly ulgamy ösdürmek bilen bagly birnäçe maslahatlar, mejlisler geçirilýär.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle