TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň toý dabaralary ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzyň obadyr şäherlerinde, şäherçelerinde giňden bellenilýän toý dabaralary baýramçylyk şowhuny bilen mähriban halkymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini buýsanç duýgusyna besleýär.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etmek we goldamak baradaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu gurama agza bolan 185 döwletiň biragyzdan tassyklan resminamasy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdigini dünýä ýüzüne äşgär etdi.

Dünýä bileleşiginiň goldamagynda Garaşsyz Türkmenistanyň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we dünýäde abadançylygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy, durnuklylygy saklamakda möhüm orny eýeleýär. Şonuň netijesinde hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» ikinji gezek ykrar edildi. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň ýene-de bir gezek dabaralanmasydyr.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň dünýä bileleşigine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistan Bitaraplyk taglymatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, özüniň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny tutuşlygyna ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Türkmenistan döwletimiz häzire çenli dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Biziň ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 170-e golaýyna gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys» diýip belleýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyz ösen döwletleriň hataryna goşulyp, halkara gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrýan, halkymyzyň asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ýazmyrat Bäşimow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Nebit we gaz fakultetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle