TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaşlar we döwrebap bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şonuň üçinem ylymly-bilimli, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ýaşlary terbiýelemek möhüm mesele bolup durýar.

Bilim hakyndaky alada ýaşlar, ýagny ýurduň geljegi hakynda aladadyr. Çünki bilim we ýaşlar diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydyr. Ýaşlar ylym-bilim babatda kämilleşdirilýär — kämil geljek gurulýar. Ýaşlara gönükdirilýän maýa goýumlar şöhratly geljegiň kepilidir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyna, ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, kämilleşmegi, hünär öwrenmegi, erkana zähmet çekmegi, dynç almagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, önümçilik işlerine gatnaşmagy, ýürekde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ýörelgä eýerilýär.

Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Dün­ýä­niň yl­my-in­no­wa­si­on, ru­hy-me­de­ni ugur­lar ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri giň­den öw­re­nil­ýär we ösen ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da, okuw mak­sat­na­ma­la­ry iş­le­ni­lip dü­zül­ýär, bi­lim ber­me­giň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. San­ly bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman tehnologik enjamlary bilenders­le­ri öz­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik be­ril­ýär.

«Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­kleri, ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­klary üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly we­zi­pe­le­re hem uly orun be­ril­ýär. Şol mö­hüm we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek, ýaş­la­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­klary, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­kleri, döw­re­bap bi­lim al­ma­klary, saý­lap alan ug­urlary bo­ýun­ça kä­mil­leş­mekleri üçin anyk mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Nebitgaz pudagyndaky işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylyşy, wodorod önümçiliginiň alternatiw ugry, nano we himiki tehnologiýalary işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek, energiýanyň alternatiw çeşmeleri, önümçilik galyndylaryndan täze önümleri almagyň innowasion tehnologiýalary, ösümliklerden tebigy boýag almagyň mümkinçilikleri, ýerli çig mallary gaýtadan işläp, önümçilik ähmiýetli önümleri almagyň usullary babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem göwnejaý işler ýola goýuldy.

Uniwersitetde täze merkezler açylyp, ol ýerde geljegiň energetika ulgamyna işjeň aralaşmak üçin kämil hünärmenler taýýarlanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi halkymyzyň durmuşynda has giňden şöhlelenýär. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň güýjüne uly ynam bildirip, olara aýratyn üns bermegi häzirki döwrüň hem geljegiň möhüm ruhy galkynyşyny kemala getirýär. Tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek ugrunda yhlasly bilim alýarlar.

Arslan Hallyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetininiň

“Himiýa tehnologiýasy” taýýarlyk ugrunyň 2-nji talyby.

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle