SPORT

2027-nji ýylda 4-nji Ýewropa oýunlary Stambulda geçiriler

Ýewropanyň Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji komiteti 20-nji martda geçirilen mejlisinde 2027-nji ýylda 4-nji Ýewropa oýunlarynyň stambulda gurnalmagy babatda biragyzdan karar kabul etdiler. Bu ugurda degişli karar Ýewropanyň Olimpiýa komitetiniň sport boýunça direktory Peter Brýulliň taýýarlan giňişleýin hasabatyndan soňra kabul edildi.

Stambul şäheriniň häkimi Ekrem Ymamogly hem öz gezeginde 2027-nji ýyldaky Ýewropa oýunlarynyň Stambulda geçiriljekdigini habar berdi. Metbugat ýygnagynda çykyş eden Ymamogly resmi gol çekişlik dabarasynyň 31-nji martdaky saýlawlaryndan soň geçiriljekdigini aýtdy.

Uly göwrümli çäreleriň dünýä şäherleriniň ösüşine saldamly goşant goşýandygyna ünsi çeken Ymamogly: “Oýunlara tomaşa etmäge gelenler biziň ýurdumyz barada ýakymly duýgular bilen öz watanyna dolanarlar. 2036-njy ýylda sport babatda has uly ädimler äderis” -diýdi.

Ýewropa oýunlary, Ýewropa Olimpiýa Komitetiniň 2012-nji ýylda kabul eden karary bilen her 4 ýylda bir gezek geçirilýän yklymyň iň uly ýaryşydyr.

Guralan ilkinji gününden başlap, Ýewropa ýurtlarynyň hemmesiniň ünsüni özüne çekdi we oýunlara Ýewropanyň ähli döwletleri gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony 58 ýaşynda futbola dolandy

Çempionlar ligasy: sişenbede ispan, çarşenbede iňlis toparlary şowsuzlyga uçrady

«Galkan» – «Ice Box Iran Mall»: 13:1

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

“Galkan” toparynyň ynamly ýeňşi: 15-1

Ata Watan Eserleri