DÜNÝÄ

2027-nji ýyla çenli Täjigistanda takmynan 11 million bag ekiler

Täjigistan Respublikasynyň hökümeti “Täjigistan Respublikasyny 2040-njy ýyla çenli bagy-bossanlyga öwürmek boýunça döwlet maksatnamasy barada” karary kabul etdi. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Daşky gurşawy goramak komiteti habar berdi.

Bu maksatnama Komitet tarapyndan işlenip düzüldi we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň tabşyrygy esasynda Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň  garamagyna hödürlendi.

Ýörite maksatnama çäreleriniň durmuşa geçirilmegi ýurduň çägini abadanlaşdyrmaga, dürli görnüşdäki agaçlary we gyrymsy agaçlary oturtmaga we ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Maksatnamanyň hereket meýilnamasyna laýyklykda, 2025-2027-nji ýyllaryň birinji tapgyrynda respublikada 10 million 927 müň 758 agaç we gyrymsy agaç nahaly oturtmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy