TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

2026-njy ýylda 6G ulgamyna geçer

Günorta Koreýa 2026-njy ýylda 6G-e geçjekdigini habar berdi. Beýanatda 6G tehnologiýasynyň 5G-den 50 esse çalt internet hödürlejekdigi nygtaldy.

Soňky aýlarda 5G tehnologiýasyny ulanyp başlan Günorta Koreýa 6G üçin ilkinji ädim ätdi. 6G üçin strategiýasyny kesgitlän Günorta Koreýa bu taslama üçin 2026-njy ýylda synag geçirip başlajakdygyny mälim etdi.

“Gizmochina” habar gullugynyň habaryna görä, hökümet 2028-2030-njy ýyllar aralygynda 6G hyzmatlaryny täjirleşdirmegi maksat edinýär. 5G tehnologiýasynyň maglumatlary göçürip almak tizligi teoretiki taýdan 20 Gbit / sek hökmünde kesgitlenildi. 6G bilen bu tizlik 1 Tbit / sek bolar.

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle