DÜNÝÄ

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň dolandyryjysy Jim Bridenstine dört ýyldan soň Aýy gonmagy maksat edinýän “Artemis” programmasy üçin 28 milliard dollar gerekdigini aýtdy. Kosmonawtlar täze güýçli “SLS” raketa bilen uçuryljak “Orion” atly kapsulada syýahat etmegi meýilleşdirýärler.

Aýda gonjak kosmos gämisini ösdürmek üçin üç sany aýry taslama özara bäsleşýär. Bularyň arasynda “Amazon” -yň baş direktory Jeff Bezos bilen Elon Muskyň “SpaceX” kompaniýalary hem bar.

Adamzadyň Aýa aýak basan ilkinji gününden bäri 51 ýyla golaý wagt geçdi. Kosmonawt Neil Armstrongyň “Bir adam üçin kiçijik, ýöne adamzat üçin beýik” diýip beýik ädimini häsiýetlendirdi. Şeýle-de bolsa, ABŞ Aýa adam iberen ýeke-täk ýurtdur.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Maýa Sandu täzeden Moldowanyň prezidentligine saýlandy

Ata Watan Eserleri

Ertir ABŞ-da prezident saýlawlary: 78 million saýlawçy öňünden ses berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasy hyzmatdaşlygyny ösdürer

ABŞ-da prezident saýlawlary: 70 million saýlawçy ses berdi

Türkmenistan Monako ilçi belledi

Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi