Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Täze Orlean ştatynda “Dünýä gözeli” atly 71-nji gözellik bäşleginiň jemleri jemlendi. Şoňa laýyklykda, 2022-nji ýylyň gözel bäsleşiginiň täjiniň eýesi amerikaly R’Bonni Gabriel boldy.
Amerikaly Bonni Gabriel bilen bir hatarda bäsleşigiň final, ýagny jemleýji tapgyryna Wenesuelanyň, Puerto-Rikonyň, Dominikan Respublikasynyň we Kýurasaonyň gözelleri gatnaşdy.
2022-nji ýyl boýunça gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi amerikaly R’Bonni Gabriel bolan bolsa, ikinji orny wenesuelaly Amandu Dudamel, üçünji orny Dominikan Respublikasyndan Andreina Martinez eýeledi.
28 ýaşyndaky amerikaly R’Bonni Gabriel ekologik egin-eşikleriň diýazneridir. Öz ady bilen ekologik taýdan arassa egin-eşikleri öndürýän firma ýolbaşçylyk edýär.
2021-nji ýylda dünýä gözeli bäsleşiginde hindistanly Harnaaz Sandu birinji bolupdy.
R’Bonni Gabriel ABŞ-nyň ilkinji asly aziýaly dünýä gözeli bäsleşiginiň ýeňijisidir. Gabrieliň kakasy filippinli, ejesi amerikalydyr. Kakasy jübüsinde 20 dollary bilen Filippinlerden ABŞ-a okamaga we ýaşamaga giden aziýalydyr.
Zenanlaryň arasynda her ýyl geçirilýän “Dünýä gözeli” bäsleşigi 1952-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. munuň üçin ýörite gurama döredildi. Bu gurama 1996-2015-nji ýyllarda ABŞ-nyň “NBC” telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etdi. Bu telekompaniýa ABŞ-nyň zolaky Prezidenti Donald Trampa degişlidi.
2022-nji ýylyň oktýarynda bu gurama Taýwanyň “JKN Global Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip başlady. Guramanyň ýerine ýetiriji direktory Enn Jakapongdyr. Ol bu ýaryşy Aziýa ýurtlarynda hem ösdürmek isleýär.
1960-njy ýyla çenli bu ýaryş Kaliforniýa ştatynda geçirilen bolsa, soňra Maýamide geçirilip başlandy. 1972-nji ýyldan bäri dünýäniň dürli ýurtlarynyň dürli şäherlerinde geçirilip başlandy. Bu ýaryşa 80-100 aralygynda ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.
Kanada bilen Fransiýanyň wekilleri ähli ýaryşlara gatnaşdy. Ýaryş dünýäniň köp ýurdunda göni ýaýlymda alnyp berilýär. Käbir ýyllarda ony 500 million adamyň hem tomaşa edendigi bellenilýär.